Türkmenistanyň awtoulag ulaglary birleşikleriniň we logistika kompaniýalarynyň wekilleri Hytaýyň Ninbo şäherinde geçirilen TIR ulgamy boýunça iş duşuşygyna gatnaşdylar. Hytaý, Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ulag gatnaşyklaryny ösdürmäge bagyşlanan forumda Ýewraziýa üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň amaly çözgütleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) maglumatlar neşiri habar berýär.

Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) goldaw bermeginde Hytaýyň WIFFA platformasy tarapyndan guralan duşuşykda TIR ulgamynyň mümkinçiliklerine we halkara ýük daşamalarynda elektron amallaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň dowamynda IRU-nyň TIR we üstaşyr ulaglar boýunça uly geňeşçisi Wah­tang Zaran­diýa şu ýyl ilkinji gezek Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň üsti bilen eTIR elektron ulgamy arkaly ýük daşamalarynyň amala aşyrylandygyny belledi.

Onuň aýtmagyna görä, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan işlenip düzülen eTIR milli goşundylary gümrük edaralaryna elektron amallary has çalt ornaşdyrmaga we soňra olary milli ulgamlara birleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Duşuşyga gatnaşan Türkmenistanyň, Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň, Azerbaýjanyň we Hytaýyň wekilleri halkara ulag geçelgelerinde toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Forumda Hytaýda TIR ulgamynyň ösüşi baradaky görkezijiler hem mälim edildi. Häzirki wagtda bu ulgamdan 3,8 müňden gowrak hytaý ýük awtoulagy peýdalanýar. 2025-nji ýylda TIR arkaly Hytaýa we Hytaýdan amala aşyrylan ýük daşamalarynyň möçberi 144 göterim artdy. IRU-nyň çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylda bu görkezijiniň 6 müňden geçmegine garaşylýar.

Duşuşygyň dowamynda serhet geçelgelerindäki ulag dyknyşyklary, gümrük resmileşdiriş işleri, ýükleri ätiýaçlandyrmak we ýükleri bir ulagdan beýlekisine geçirmezden göni daşamak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.