Türkmenistan 2026-njy ýylyň kabul ediş möwsüminiň jemleri boýunça Patris Lumumba adyndaky Russiýanyň Halklaryň dostluk uniwersitetine (RUDN) iň köp dalaşgär tabşyran daşary ýurtlaryň ilkinji üçlügine girdi.

Bu barada uniwersitetiň rektory Oleg Ýastrebow kabul ediş möwsüminiň netijelerine bagyşlanan metbugat maslahatynda mälim etdi diýip, TASS habarlar agentligi habar berdi.

2026-njy ýylda RUDN uniwersitetine dünýäniň 136 ýurdundan dalaşgärler resminama tabşyrdy. «Rossotrudniçestwo» ugry boýunça döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän orunlara bäsdeşlik bir orna üç adamdan gowrak boldy, tölegli esasdaky okuwlar üçin bolsa 1,5 müňden gowrak arza kabul edildi.

Daşary ýurtly dalaşgärleriň sany boýunça Hytaý, Türkmenistan we Türkiýe öňdebaryjy orunlary eýeledi. Şeýlelikde, Aziýa we GDA ýurtlary uniwersitetde bilim almaga isleg bildirýänleriň arasynda iň işjeň sebitleriň biri boldy.

Daşary ýurtly talyplaryň arasynda iň uly gyzyklanma döredýän hünärler:

  • bejeriş işi;

  • stomatologiýa;

  • halkara gatnaşyklar;

  • menejment;

  • filologiýa boldy.

RUDN uniwersiteti 2026-njy ýylyň kabul ediş möwsüminde umumylykda 330 müňe golaý arza kabul edip, täze rekord goýdy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 130 müň köp boldy.

Şeýle hem uniwersitet bakalawr we hünärmen maksatnamalary boýunça döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän orunlary doly üpjün etdi. Ýokary okuw mekdebiniň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylda tehniki we tebigy ylymlar ugurlaryna bolan isleg iki esse artdy.

Türkmenistanyň ilkinji üç ýurduň hataryna girmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda ýokary bilim almaga bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny hem-de RUDN uniwersitetiniň halkara bilim bazarynda ýokary islegden peýdalanýandygyny görkezýär.