12-nji awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda (TSSE) Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçy düzümleri we hünärmenleri gatnaşdy diýip, TSSE-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek 9-njy Hytaý halkara import sergisine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan sergide Türkmenistanyň milli pawilýonyny guramak, ýurduň eksport we önümçilik mümkinçiliklerini görkezmegiň meýilnamasyna garaldy.

Taraplar söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, eksport-import amallaryny ýeňilleşdirmek we maýa goýum taslamalaryny goldamak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.