
Futbol janköýerleriniň uly gyzyklanma bilen garaşýan 2026-njy ýyldaky FIFA Dünýä çempionaty ertir badalga alýar. Dört ýyldan bir gezek geçirilýän dünýä futbol baýramçylygy bu gezek öz taryhyndaky iň uly ýaryş hökmünde tapawutlanýar.
Ilkinji gezek dünýäniň 48 ýygyndysy dünýä çempiony diýen hormatly ada we baş kuboga eýe bolmak ugrunda güýç synanyşar. Çempionatyň çäklerinde jemi 104 duşuşyk geçiriler.
Türkmenistanyň futbol janköýerleri hem bu iri sport çäresiniň ähli oýunlaryna tomaşa etmek mümkinçiligine eýe bolar. «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy FIFA Dünýä çempionatynyň 104 duşuşygynyň ählisini göni ýaýlymda görkezmegi meýilleşdirýär.
Bu bolsa türkmenistanly janköýerleriň dünýä futbolynyň iň möhüm duşuşyklaryny öz wagtynda yzarlamagyna, dünýäniň öňdebaryjy ýygyndylarynyň hem-de ýyldyz futbolçylarynyň çykyşlaryna tomaşa etmegine giň mümkinçilik döreder.
Ýeri gelende bellesek, 2026-njy ýyldaky FIFA Dünýä çempionaty gatnaşyjy toparlaryň sanynyň 48-e ýetirilmegi bilen ýaryşyň taryhynda iň uly möçberli dünýä çempionaty hökmünde geçirilýär.
Keywords