Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününiň bellenilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde dabaraly çäre geçirildi. Dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleri hem-de edaralary bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze sepgitlere ýetirjek möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda, uzakmöhletleýin we ulgamlaýyn häsiýetde üstünlikli alnyp barylýar. Özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, taraplar şu aşakdaky anyk resminamalara gol çekdiler:

  • Maliýe we ykdysadyýet ulgamynda: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň arasynda «Bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyk»;
  • Sanly kazyýet ulgamynda: Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we BMGÖM-niň Hemişelik wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň sanlaşdyrylmagyny goldamak» atly taslama resminamasynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Bilim we adam maýasynda: Türkmenistanyň Bilim ministrligi we BMGÖM-niň Hemişelik wekilhanasynyň arasynda «Adam maýasynyň strategik meýilnamalaşdyrylyşynyň Milli ulgamy» atly taslama resminamasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy;
  • Saglygy goraýyş ulgamynda: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we BMGÖM-niň Hemişelik wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamasynyň AIDS-e, inçekesele we gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global gaznanyň goldawyndan çykmagy» atly taslama resminamasyna üýtgetmeler girizmek hakyndaky ylalaşyk.

Gol çekilen täze resminamalar we kabul edilen meýilnamalar ýurdumyzda sanly ulgama geçmegi, ykdysady durnuklylygy üpjün etmegi, bilim ulgamyny kämilleşdirmegi hem-de saglygy goraýyş pudagynyň milli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi maksat edinýär.