19-njy sentýabrda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda we onuň administratiw merkezi Nagoýa şäherinde XX tomusky Aziýa oýunlary badalga alar. Aziýa yklymynyň iri sport wakalarynyň birine Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşar.

«Türkmen sporty» gazetiniň habar bermegine görä, Aziýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde 57 adam bar. Olaryň arasynda 34 türgen, 15 tälimçi, 2 halkara derejeli emin, şeýle hem sport guramalarynyň wekilleri, lukmanlar, sport žurnalisti we beýleki hünärmenler bar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa oýunlarynda sportuň 8 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşer.

Ýaryşlara:

  • sport göreşinden — 6 türgen;

  • kuraşdan — 6 pälwan;

  • boksdan — 5 türgen;

  • uşudan — 5 türgen;

  • agyr atletikadan — 4 türgen;

  • karatedodan — 3 türgen;

  • suwda ýüzmekden — 3 türgen;

  • ýeňil atletikadan — 2 türgen gatnaşar.

Türkmen türgenleri Aziýanyň iň iri sport ýaryşlarynyň birinde ýurdumyzyň ýaşyl Tuguny ýokary götermek we türkmen sportunyň halkara abraýyny has-da berkitmek ugrunda çykyş ederler.

XX tomusky Aziýa oýunlary 19-njy sentýabrdan Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda we Nagoýa şäherinde geçiriler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, täze ýeňişler we baýrakly orunlar bilen Watanymyza dolanmak arzuw edilýär.