Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda dünýäniň dürli ýurtlaryna wekilçilik edýän jemi 59 sany daşary ýurt habar beriş serişdesiniň (HBS) žurnalisti hem-de habarçysy akreditirlendi (resmi hasaba alyndy). Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi web-saýtynda berlen maglumata görä, dünýäniň iň abraýly halkara media guramalarynyň wekilleri ýurdumyzda resmi taýdan hasaba alnyp, häzirki wagtda öz hünär zähmetini bökdençsiz dowam etdirýärler.

Bu görkeziji Türkmenistanyň global maglumat giňişligine işjeň utgaşýandygyny, daşary ýurt habar beriş serişdeleri üçin açyklygy we özara bähbitli hyzmatdaşlyk şertlerini üpjün edýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň çäklerinde resmi taýdan iş alyp barýan media guramalarynyň düzüminde global habar agentlikleri, iri teleradiokompaniýalar, şeýle hem ýöriteleşdirilen elektron neşirler bar. Hasaba alnan esasy halkara media guramalarynyň arasynda aşakdakylar bar:

  • Global habar agentlikleri: «Reuters» (Beýik Britaniýa), «Associated Press» (ABŞ), «Agence France-Presse» (Fransiýa), «Sinhua» (Hytaý), «TASS» we «Interfaks» (Russiýa), «Trend» hem-de «AzerTäj» (Azerbaýjan), «Arminfo» (Ermenistan), «NCA» agentligi.
  • Halkara teleradiokompaniýalar we teleýaýlymlar: «TRT» (Türkiýe), «Россия 24» we «Russia Today» (Russiýa), «Habar24» (Gazagystan), Hytaýyň halkara radiosy, Ermenistanyň Jemgyýetçilik teleýaýlymy, «Azerbaýjanyň telewideniýesi we radiosy» ÝGPO-nyň Merkezi Aziýa boýunça býurosy.
  • Abraýly žurnallar we internet neşirleri: «Bruxelles Korner» (Belgiýa), «Business Central Asia» (Hindistan), «Diplomatic world» we «Society» diplomatik žurnallary, «Atawatan Türkmenistan» žurnaly, «Türkmenistan.ru» internet gazeti, «NewsDay Georgia» agentligi, «Бакинский рабочий» gazeti, «Kazinform» halkara habarlar gullugy, «Galkynyş» türkmen-awstriýa žurnaly, şeýle-de Rumyniýanyň «Bucuresti Business» we «Prahovo Business» internet sahypalary.

Ýurdumyzda daşary ýurtly žurnalistleriň hünär işini alyp barmaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikler, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, halkara başlangyçlaryň we sebit bähbitli iri taslamalaryň dünýä jemgyýetçiligine gyzgyny bilen, dogruçyl ýetirilmegine uly goşant goşýar.