2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken täze kanuny güýje girýär. Bu kanun esasynda akiz markasy bolmadyk ýa-da ygtyýarnamasyz (lisenziýasyz) önüm dolanyşygy üçin jerimeler düýpli artdyryldy.

Esasy üýtgetmeler we täze jerimeler (315-nji madda):

1. Akiz markasyz (belgisiz) önümler (3-nji bölek): Alkogolly we temmäki önümlerini degişli belgilersiz satmak, saklamak ýa-da daşamak üçin:

  • Fiziki şahslara: 3-den 5 binýatlyk mukdara çenli (öň bäşe çenlidi).
  • Wezipeli şahslara: 10 binýatlyk mukdardan başlap (öň 5-di).
  • Ýuridiki şahslara: 20 binýatlyk mukdardan başlap (öň 10-dy).

2. Ygtyýarnamasyz (lisenziýasyz) dolanyşyk (Täze 5-nji bölek): Alkogol, piwo we temmäki önümlerini ygtyýarnamasyz öndürmek, saklamak ýa-da satmak üçin:

  • Fiziki şahslara: 6-dan 8 binýatlyk mukdara çenli.
  • Ýuridiki şahslara: 30-dan 50 binýatlyk mukdara çenli.
  • Goşmaça: Harytlar döwletiň haýryna geçirilip (konfiskasiýa) bilner.

3. Gaýtalanan düzgün bozulmalary (Täze 6-njy bölek): Eger ýokardaky düzgün bozma bir ýylyň dowamynda gaýtalansa:

  • Fiziki şahslara: 10-dan 15 binýatlyk mukdara çenli.
  • Ýuridiki şahslara: 60-dan 100 binýatlyk mukdara çenli.