
7-nji aprelde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutany resmi taýdan habar berdi.
Milli Liderimiziň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurtda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutany bu senäniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekip, halkymyzy ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlady.
Mejlisiň dowamynda ýurtda sport düzümini kämilleşdirmek we ilatyň saglygyny goramak boýunça amala aşyrylýan işleriň netijelerine baha berildi. Şeýle hem, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilýän dabaralaryň halkara sport hyzmatdaşlygyny berkitmekdäki orny nygtaldy.
Keywords