
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzda «e-TIR» sanly halkara ulgamyny doly güýjünde işe girizmek boýunça tehniki we guramaçylyk çärelerini jemleýji tapgyrda amala aşyrýar. Bu barada wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen «e-TIR» halkara ulgamyny ornaşdyrmak boýunça utgaşdyryjy iş maslahatynda mälim edildi.
Sanly ulgam arkaly guralan bu iş maslahatyna Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU), Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň (THADA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) ýokary derejeli wekilleri we halkara bilermenleri gatnaşdylar.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanda «e-TIR» ulgamyny ornaşdyrmagyň tehniki aýratynlyklary we amala aşyrylýan gurluş düzüm taslamalary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň bu döwrebap sanly ulgama goşulmagy üçin zerur bolan berk hukuk binýady döredildi. Meýilnama laýyklykda, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlarynyň gümrük edaralary bilen bilelikde «e-TIR» ulgamyny synag görnüşinde (pilot taslama) işe girizmek boýunça degişli çäreler durmuşa geçiriler.
Halkara bilermenleriniň biragyzdan bellemegine görä, «e-TIR» ulgamy sebit we dünýä derejesindäki halkara ýük daşamalarynda özara maglumat alyşmagy çaltlandyrmak üçin täze we giň mümkinçilikleri açýar. Bu sanly ulgamyň gümrük guramasyna doly integrasiýa edilmegi (utgaşdyrylmagy) kagyz resminama dolanyşygyny ep-esli azaltmaga, serhet geçelgelerinde ulaglaryň sarp edýän wagtyny iň pes derejä düşürmäge hem-de gümrük amallarynyň we gözegçiliginiň netijeliligini täze basgançaga götermäge şert döreder.
Keywords