Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny gündelik işde netijeli we jogapkärçilikli ulanmagy öwretmäge gönükdirilen «AI for Prosperity» («Ösüş üçin emeli aň») atly bilim maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Taslama «Türkmenistanyň Ýaşlarynyň gazananlary» jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen, Öňki talyplaryň innowasion taslamalaryny goldamak gaznasynyň (AEIF) üsti arkaly amala aşyrylýar.

Başlangyç Türkmenistanyň 2026–2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň we bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwlet ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde guralýar. Maksatnama işewürlik we bilim ulgamlarynyň wekilleriniň emeli aň mümkinçiliklerinden iş ýüzünde peýdalanmak endiklerini ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Taslama gatnaşmak üçin ýurduň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden telekeçiler, kompaniýalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem bilim edaralarynyň, okuw we tälim merkezleriniň mugallymlary, usulyýetçileri we dolandyryş işgärleri bäsleşikli seçgä çagyrylýar. Maksatnama jemi 36 gatnaşyjy kabul ediler.

Okuwlar Aşgabat şäherinde ýüzbe-ýüz görnüşde intensiw okuw sapaklary hökmünde geçiriler. «Işewürlik üçin emeli aň» ugry boýunça okuwlar 2026-njy ýylyň 17–19-njy dekabrynda, «Bilim üçin emeli aň» ugry boýunça bolsa 2027-nji ýylyň 7–9-njy ýanwarynda guralar.

Okuw maksatnamasy tamamlanandan soň, gatnaşyjylar hünärmen-mentorlaryň goldawy bilen öz guramalarynyň işinde ulanyp boljak emeli aň çözgütlerini işläp taýýarlap, durmuşa geçirerler. Taslama «Emeli aň iş ýüzünde: bilim we işewürlik» atly jemleýji forum bilen tamamlanar. Onda döredilen çözgütler tanyşdyrylar, çagyrylan çykyş ediji we milli bilermenler çykyş ederler.

Maksatnama gatnaşmak mugt. Gatnaşmak isleýänler 2026-njy ýylyň 25-nji noýabryna çenli şu onlaýn anketa arkaly ýüz tutup bilerler. Saýlanan dalaşgärlere netijeler guramaçylar tarapyndan gönüden-göni habar berler.

Maksatnama we oňa gatnaşmagyň şertleri bilen bagly soraglary ja.turkmenistan@gmail.com elektron salgysyna ibermek bolýar.