
Türkmenistanda yslamyň iň uly we mukaddes baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramy mynasybetli okaljak baýram namazynyň welaýatlar we şäherler boýunça takyk wagtlary mälim edildi. Ýurdumyzyň raýatlary 27-nji maýda ir säher bilen baýram namazyny berjaý etmek üçin metjitlere ýygnanarlar.
Bellenilen meýilnama laýyklykda, baýram namazy paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda sagat 06:35-de okalar. Mary hem-de Daşoguz welaýatlarynyň dindarlary namaza sagat 06:25-de, Lebap welaýatynda bolsa sagat 06:10-da başlarlar. Ýurdumyzyňgünbatar sebiti bolan Balkan welaýatynyň metjitlerinde bolsa baýram namazy sagat 06:45-de ýerine ýetiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanda Gurban baýramy maý aýynyň 27-sine, 28-ine we 29-yna bellenilip, bu günler iş günü däl diýlip yglan edildi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli edara-kärhanalarda we guramalarda baýramçylyk günleriniň ýokary derejede guralmagy üpjün ediler.
Keywords