Aşgabatda ýük daşalyşyny we logistika hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen ilkinji milli “Transport Expedition” (TEX) sanly platformasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. “Iş Nokady” işewürlik merkezinde guralan bu çäre, ýurdumyzyň logistika ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýär.

Bu sanly platforma ýük eýelerini, hususy sürüjileri, awtoduralgalaryň eýelerini we logistika kompaniýalaryny birleşdirýän “sanly köpri” bolup hyzmat edýär. “Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň goldawy bilen “Döwletli Nesibe” hojalyk jemgyýeti tarapyndan iki ýylyň dowamynda işlenip düzülen bu ulgam, ýurdumyzda logistika amallarynyň has-da ýönekeýleşmegine şert döredýär.

Platformanyň esasy aýratynlyklary:

  • “Bir penjire” ýörelgesi: Ulgam websaýt we ykjam goşundylar (Google Play, App Store) arkaly elýeterlidir.
  • Milli walýutada hasaplaşyk: Platforma logistika amallaryny we hasaplaşyklary milli manatda, şeýle-de halkara walýutalarynda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
  • Intellektual gabatlaşdyrma: Ýük eýeleri bilen ulag eýeleriniň awtomatiki usulda özara baglanyşmagy.
  • GPS-monitoring: Ýükleriň ýerleşýän ýerini we hereketini real wagt tertibinde yzarlamak mümkinçiligi.
  • Çykdajylary optimizasiýa etmek: Artykmaç çykdajylary aradan aýryp, göni gatnaşyklary üpjün etmek.

Iňlis, rus we türk dillerinde elýeterli bolan “TEX” platformasy, howpsuzlyk talaplaryna doly laýyk gelýär. Ol ýerli harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we logistika çykdajylaryny meýilleşdirmäge ýardam berer.

Platformadan peýdalanmak isleýän telekeçiler we sürüjiler texexpress.pro salgysy arkaly hasaba durup bilerler. Bu taslama ýurdumyzyň ulag-logistika pudagynyň sanlylaşdyrylmagynda möhüm sepgit hasaplanýar.

Habarlaşmak üçin: