Türkmenistanda koreý aşhanasyna ýöriteleşen restoranlaryň açylmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk resminamalarynyň birinde göz öňünde tutulýar.

Hususan-da, Türkmenistanyň «Kämil market» hojalyk jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «CANA Catering» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.

Resminama «Kämil market» hojalyk jemgyýetiniň direktory Mergen Begençew bilen «CANA Catering» kompaniýasynyň direktory Le Çong Won tarapyndan gol çekildi.

Ylalaşyga laýyklykda, hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda koreý aşhanasyny hödürleýän restoranlary açmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegine garaşylýar. Täze başlangyç türkmenistanlylaryň arasynda koreý milli tagamlarynyň has giňden tanalmagyna mümkinçilik döretmek bilen birlikde, iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda işewür gatnaşyklary ösdürmäge hem şert döreder.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda halkara aşhana medeniýetiniň täze ugurlarynyň peýda bolmagyna we koreý işewürleriniň türkmen bazaryndaky gatnaşygynyň giňelmegine goşant goşup biler.