2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Aşgabat şäherindäki «Sport» myhmanhanasynda migrasiýany dolandyrmak we daşary ýurt raýatlarynyň köpçülikleýin akymy ýüze çykan ýagdaýynda olara wagtlaýyn gorag bermek meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty öz işine başlady.

Çäre Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň arasynda migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde guraldy.

Polşanyň Döwlet serhet gullugynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän okuw maslahatynyň dowamynda migrasiýa işlerini dolandyrmagyň häzirki zaman usullary we halkara gorag mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Okuw maksatnamasy hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak boýunça öňdebaryjy halkara tejribelerini öwrenmäge, strategik meýilleşdirmegiň we töwekgelçiliklere baha bermegiň döwrebap usullaryny özleşdirmäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek, gözegçilik amallaryny döwrebaplaşdyrmak, migrasiýa we serhet howpsuzlygy ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak bilen bagly meseleler hem okuw sapaklarynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.

Okuw maslahaty 18-nji noýabra çenli dowam eder.