Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 228-nji maddasyna möhüm üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen bu Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap güýje girýär.
Esasy täzelikler we täze jerime möçberleri:
Täze kanunçylyk diňe bir jerimeleriň mukdaryny artdyrman, eýsem sürüjilik resminamalaryna bolan talaby hem güýçlendirýär:
- Resminamasyz sürmek: Sürüjilik şahadatnamasy ýa-da ynanç haty (dowerenost) ýanyňda bolmazdan ulag sürmek üçin jerime hasaplaşyk görkezijisiniň 1 essesi möçberine çenli galdyryldy.
- Ynanç hatsyz sürmek: Ulagy dolandyrmaga hukuk berýän ynanç hatsyz sürmek ýa-da ulagy şeýle resminamasy bolmadyk adama bermek üçin jerime 2-den 3 esse aralygyna çenli köpeldildi.
- Hukugy bolmazdan sürmek: Sürüjilik hukugy bolmadyk ýa-da bu hukukdan mahrum edilen adamyň ulag sürmegi üçin jerime öňki 3–5 esseden 5–8 esse aralygyna çenli ýokarlandyryldy. Bu adama ulagyny ynanan şahs bolsa 6 esse möçberde jerime tölemeli bolar.
- Täze madda — Möhleti geçen şahadatnama: Madda täze bäşinji bölüm goşuldy. Indi möhleti geçen sürüjilik şahadatnamasy ýa-da wagtlaýyn rugsatnama bilen ulag dolandyrýanlara 3-den 5 esse aralygynda jerime salnar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.