2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny ulanmak we saklamak bilen bagly täze jerimeler güýje girýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen täze kanun esasynda pasporty bikanun ulanmak, zaýalamak we zamun hökmünde kabul etmek gadagan edilýär.

Esasy üýtgetmeler (370, 371, 372-nji maddalar):

1. Pasportyň zaýalanmagy ýa-da ýitirilmegi (370-nji madda):

  • Seresapsyzlyk zerarly (zaýalansa/ýitse): 1-den 3 binýatlyk mukdara çenli jerime.
  • Bilkastlaýyn zaýalamak: 3-den 5 binýatlyk mukdara çenli jerime.
  • (Öň duýduryş ýa-da 1 binýatlyk mukdar jerime bardy).

2. Hasaba durmak düzgünleriniň bozulmagy (371-nji madda):

  • Jerimeler ýokarlandyryldy: 3-den 6 we 6-dan 10 binýatlyk mukdara çenli.

3. Pasporty zamun hökmünde kabul etmek we bikanun almak (372-nji madda): Indi pasporty kanuny esasy bolmazdan almak bilen bir hatarda, ony zamun (zalog) hökmünde kabul etmek hem düýpli hukuk bozulmasy hasaplanýar:

  • Fiziki şahslara: 1-den 2 binýatlyk mukdara çenli jerime.
  • Wezipeli şahslara: 5 binýatlyk mukdar jerime.
  • Ýuridiki şahslara: 6 binýatlyk mukdar jerime.