2026-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň dokuzynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler. Türkmenistanda ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan Russiýa Federasiýasynyň raýatlary saýlawlarda Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda, Maryda we Daşoguzda açyljak bäş saýlaw uçastogynda ses berip bilerler.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraljak saýlaw uçastoklary ýurduň ähli welaýatlaryny gurşap alar. Olar ýerli wagt bilen sagat 08:00-dan 20:00-a çenli işleýär.

Aşgabat şäherindäki 8035-nji saýlaw uçastogy Russiýanyň ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölüminiň binasynda — Türkmenbaşy şaýolunyň 11-nji jaýynda ýerleşer.

Türkmenbaşy şäherindäki 8291-nji uçastok Russiýanyň ilçihanasynyň konsullyk bölüminde — Magtymguly şaýolunyň 81a salgysynda, Türkmenabat şäherindäki 8290-njy uçastok bolsa Lebap welaýatynyň Medeniýet merkezinde — Bitarap Türkmenistan köçesiniň 129A jaýynda ýerleşer.

Mary şäherinde 8288-nji saýlaw uçastogy Watan köçesiniň 31-nji jaýyndaky şäher häkimliginiň binasynda, Daşoguz şäherinde 8287-nji uçastok bolsa 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň 9-njy jaýyndaky şäher häkimliginiň binasynda guralar.

Saýlawlara 18 ýaşyny dolduran Russiýa Federasiýasynyň raýatlary gatnaşyp bilerler. Ses bermek üçin saýlawçynyň uçastoga şahsy gelmegi we hereket edýän daşary ýurt, diplomatik ýa-da gulluk pasportyny görkezmegi zerurdyr.

Saýlawlaryň geçirilmegi bilen bagly resmi maglumatlar we saýlawçylar üçin sanly hyzmatlar Russiýanyň Merkezi saýlaw toparynyň resmi web sahypasynda ýerleşdirilýär.

Türkmenistanda ses bermegiň guralyşy bilen bagly goşmaça maglumat almak isleýänler Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi bilen habarlaşyp bilerler.