Türkmenistanda ýaş programmaçylary, işläp düzüjileri we oýlap tapyjylary goldamaga gönükdirilen «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalar we startaplar bäsleşigine arzalaryň kabul edilmegi dowam edýär. Gatnaşyjylar milli ykdysadyýeti ösdürmegiň we ýurduň sanly özgertmelerini ilerletmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän sanly çözgütlerini ýedi ugur boýunça hödürläp bilerler.
Bäsleşik 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan ýurduň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilýär. Onuň esasy maksady ýaşlary döwrebap programma üpjünçiligini, innowasion işläp taýýarlamalary we tehnologik çözgütleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr. Däp bolşy ýaly, bäsleşige mekdep okuwçylary, talyplar hem-de ýaş hünärmenler özleriniň sanly taslamalary bilen gatnaşýarlar.
Şu ýyl bäsleşik ýedi esasy ugry öz içine alýar: emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyryş, «akylly» oba hojalygy tehnologiýalary, Smart City konsepsiýasy, sanly bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk, şeýle hem döwrebap hyzmatlar ulgamyndaky sanly çözgütler. Hödürlenen taslamalara ýörite döredilen bilermenler topary tarapyndan baha berler. Bäsleşigiň jemleri we ýeňijileriň atlary ýylyň ahyrynda «Türkmentel – 2026» halkara sergisiniň çäklerinde dabaraly ýagdaýda yglan ediler. Arzalar telecom.tm resmi internet portaly arkaly kabul edilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.