Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ýerasty baýlyklaryndan has netijeli peýdalanmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak, şol sanda seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerini dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyklykda gurnamak boýunça giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. Bu ugurda daşary ýurtlaryň abraýly we hünär derejesi ýokary kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak hem-de olary ykdysadyýetiň bähbitlerine laýyklykda netijeli dolandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýerasty baýlyklaryň gözlegi boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur hem-de netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy.