1-nji sentýabrdan Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — durmuşymyzyň asudalygydyr» şygary astynda nobatdaky Ýol hereketiniň howpsuzlygy aýlygy başlanar. Bu çäre döredilen gününden bäri 12-nji gezek geçirilýär.
Aýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maslahatlary, okuw-seminarlary we wagyz-nesihat çärelerini geçirerler. Mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde we kärhanalarda hem dürli düşündiriş çäreleri guralar.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň töweregindäki ýollarda howpsuzlyga aýratyn üns berler. Ýol gözegçilik gullugynyň eko-welosiped toparlary bilim edaralarynyň golaýynda nobatçylygy ýola goýarlar. Şeýle hem bu ýerlerde ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik güýçlendiriler.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär. Ýol hereketiniň bellenen kadalaryny bozýanlar bolsa hereket edýän administratiw kanunçylyga laýyklykda jogapkärçilige çekilýär.
Howpsuz ýol hereketi diňe düzgünleri berjaý etmek däl, eýsem her bir raýatyň özüne we töweregindäkilere bolan jogapkärçilikli garaýşydyr.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.