2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda Türkmenistandan Malaýziýa 4 469 syýahatçy baryp gördi.
2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Türkmenistandan Malaýziýa 4 469 syýahatçy syýahat etdi. Bu barada Malaýziýanyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşine bagyşlanan «Tourism Malaysia» guramasynyň maglumatlarynda bellenilýär.
Hasabat döwründe Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan — Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan we Täjigistandan Malaýziýa jemi 53 347 syýahatçy baryp gördi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,3 göterim ýokarydyr. Geçen ýylyň ilkinji alty aýynda sebitden Malaýziýa 43 280 syýahatçy barypdy.
Sebit ýurtlarynyň arasynda syýahatçylaryň sany boýunça iň ýokary ösüş Özbegistanda hasaba alyndy. Bu ýurtdan Malaýziýa gelen syýahatçylaryň sany 62 göterim artyp, 16 283 adama ýetdi. Täjigistandan gelenleriň sany 60,2 göterim ýokarlanyp, 2 131 adama ýetdi.
Merkezi Aziýada Malaýziýanyň iň iri syýahatçylyk bazary bolan Gazagystandan 26 296 syýahatçy geldi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,8 göterim ösüşi görkezýär. Gyrgyzystandan gelen syýahatçylaryň sany hem 13,7 göterim artyp, 4 168 adama ýetdi.
«Tourism Malaysia» guramasynyň bellemegine görä, Merkezi Aziýadan, şol sanda Türkmenistandan syýahatçylaryň Malaýziýa bolan gyzyklanmasynyň artmagyna ýurduň dürli görnüşli syýahatçylyk mümkinçilikleri, ösen halal infrastruktura, halal aşhanalaryň giň saýlawy hem-de namaz okamak üçin döredilen şertler ýardam edýär.
Sebit bilen Malaýziýanyň arasynda syýahatçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde howa gatnawlarynyň giňeldilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir.
Syýahatçylyk akymynyň artmagy Malaýziýada dürli syýahatçylyk ugurlaryny we dynç alyş mümkinçiliklerini dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen Visit Malaysia 2026–2027 halkara kampaniýasynyň çäklerinde bolup geçýär.
«Tourism Malaysia» Merkezi Aziýany Malaýziýa bilen syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin geljegi uly sebitleriň biri hökmünde häsiýetlendirýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.