Türkmenistanyň wekilleri Indoneziýanyň paýtagty Jakartada başlan ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän halkara okuw maslahatyna gatnaşýarlar. Taryhy golýazmalary we arhiw resminamalaryny gorap saklamak, sanly görnüşe geçirmek hem-de olary halkara derejesinde wagyz etmek meselelerine bagyşlanan bu forum Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde maksatnamanyň durmuşa geçirilip başlanaly bäri geçirilen iň iri çärelere öwrüldi.
Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen işleşmek boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa ýolbaşçylyk edýär. Wekiliýetiň düzüminde, şeýle hem, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Maksat Meredow bar.
Bäş gün dowam etjek okuw maslahatyny Indoneziýanyň Milli arhiwi Indoneziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ÝUNESKO boýunça milli toparlary, şeýle hem Koreýanyň Miras gullugy bilen bilelikde guraýar.
Okuw maksatnamasy milli hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga we taryhy mirasy gorap saklamak boýunça häzirki zaman halkara standartlaryny öwretmäge gönükdirilendir. Sebitiň 16 ýurdundan gelen hünärmenler seýrek duş gelýän golýazma ýygyndylarynyň fiziki ýagdaýyna baha bermek, olary saklamak bilen bagly töwekgelçilikleri dolandyrmak, arhiw materiallaryny sanly görnüşe geçirmek hem-de milli ýazuw ýadygärliklerini ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» halkara sanawyna girizmek üçin degişli resminamalary taýýarlamak boýunça bilimlerini we tejribelerini artdyrýarlar.
Türkmenistanyň alymlarynyň we diplomatlarynyň bu halkara çärä gatnaşmagy ýurduň golýazmalar mirasyny sanlylaşdyrmak boýunça işleri kämilleşdirmäge, şeýle hem türkmen halkynyň baý taryhy-medeni we dokumental mirasyny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmaga ýardam eder.
Jakartada geçirilýän halkara okuw maslahaty 18-nji oktýabra çenli dowam eder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.