Germaniýanyň paýtagty Berlinde oktýabr aýynyň ahyrynda geçirilen «Einstein Math & Science Olympiad» atly halkara olimpiadada Türkmenistanyň okuwçylary ýokary netijeleri görkezdiler. Dünýäniň 15 ýurdundan 300-e golaý ýaş zehiniň gatnaşan bäsleşiginde türkmen ýaşlary iki altyn we iki bürünç medala mynasyp boldular. Bu barada «MilliInfo» neşiri habar berýär.

Türkmenistanly okuwçylaryň arasynda iň ýokary netijäni tebigy ylymlar boýunça çykyş eden Kakageldi Döwletgeldiýew gazandy. Ol dünýä derejesinde birinji orny eýeläp, altyn medala we «World Champion» («Dünýä çempiony») diýen hormatly ada mynasyp boldy. Ýeňijä baýrak hökmünde häzirki zaman kompýuteri gowşuryldy.

Matematika ugry boýunça bäsleşen Rahman Garaýew dünýäde ikinji orny eýeläp, altyn medal bilen sylaglandy. Oňa goşmaça baýrak hökmünde «iPad» planşeti gowşuryldy.

Abdykerim Durdymyradow matematika, Damir Taşew bolsa tebigy ylymlar ugry boýunça bürünç medallary gazandylar. Şeýle hem Oguljan Döwletgeldiýewa «Honorable Mention» («Hormat nyşany») baýragyna mynasyp boldy. Salyh Muradow hem halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etdi.

Olimpiadanyň Berlin şäherinde geçirilen jemleýji tapgyryna gatnaşmak hukugy Aşgabatda geçirilen milli saýlama bäsleşiginiň netijesinde gazanyldy. Saýlama tapgyr 31-nji maýda «Bilimli Kent» hususy kärhanasy tarapyndan guraldy.

Halkara olimpiadada gazanylan netijeler türkmen okuwçylarynyň matematika we tebigy ylymlar boýunça taýýarlyk derejesini görkezdi. Ýaş zehinleriň bu üstünligi olaryň yhlasly zähmetiniň, mugallymlarynyň goldawynyň we yzygiderli taýýarlygynyň netijesidir.