
Türkmenistanyň oba hojalygynda iň jogapkärli we dabaraly möwsümleriň biri bolan galla oragyna guramaçylykly girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy we il-günümiziň hormatlanýan ýaşulularynyň «Bismillasy» bilen Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2026-njy ýylyň orak möwsümine dabaraly ýagdaýda badalga berildi.
«Watan» habarlar gepleşiginiň berýän maglumatyna görä, ak bugdaýyň oragyna girişmek dabaralary diňe bir zähmet möwsüminiň däl, eýsem uly baýramçylygyň ruhunda geçdi. Çäreleriň çäginde welaýatlarda önümçilik maslahatlary, şowhunly aýdym-sazly çykyşlar hem-de oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan ýörite sergiler guraldy. Şeýle-de, möwsümiň dabaralaryny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, sebitleriň muzeýlerine we medeni-taryhy ýadygärliklerine gyzykly gezelençler guraldy.
Zähmetkeş gallaçylaryň yhlasy bilen meýdanlarda ilkinji bugdaý harmanlary emele gelip başlady. Täze hasylyň ilkinji dänelerinden bişirilen çörek we çörek onümleri türkmen topragynyň bereketi ile adamyň zähmetiniň arasyndaky ebedi baglanyşygyň mukaddes nyşanyna öwrüldi. Orak möwsüminiň ilkinji gününde ýokary netijeler görkezip, aýratyn tapawutlanan kärendeçilere döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Hojalykçy daýhanlar bugdaýy ýitgisiz ýygnap almagyň ýany bilen, geljek ýylyň hasylynyň aladasyny hem hut şu günden edýärler. Bugdaýdan boşan meýdanlarda samany gysga wagtyň içinde ýygnap almak hem-de yzysüre gije-gündizleýin sürüm işlerine girişmek çäreleri ýokary depginde alnyp barylýar.
Rysgal-bereketiň çeşmesi bolan ak bugdaýyňyz her bir ojaga gut-bereket getirsin! Harmanyňyza bereket, edermen türkmen daýhanlary!
Keywords