
Müsür Arabystan Respublikasynyň Ismailia şäherinde agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaty-2026 badalga aldy. Bu abraýly ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna wekilçilik etjek türgenleriň düzümi mälim edildi.
Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) habar bermegine görä, Türkmenistandan jemi dokuz türgen (bäş gyz we dört ýigit) sport toplumynda geçiriljek ýaryşlarda ýurdumyzyň sport abraýyny gorarlar.
Milli ýygyndymyzyň düzümi:
Zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda altyn medallar ugrunda şu türgenlerimiz çykyş ederler:
Milli ýygyndymyzyň erkekler toparynda bolsa dört türgenimiz pälwanlyk ukybyny görkezer:
Ýatlap geçsek, geçen ýyl Peru döwletiniň Lima şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda türkmen ýygyndysy umumy hasapda 14-nji orny eýeläpdi. Şonda toparymyzyň esasy üstünligini 87 kg agramda çykyş eden Anamjan Rustamowa gazanypdy. Ol silterläp götermekde (141 kg) we iki görnüşiň jemi boýunça (249 kg) iki sany altyn medala mynasyp bolupdy.
Şu gezekki dünýä birinjiliginde hem türkmen pälwanlaryndan ýokary netijelere we täze üstünlikler garaşylýar.
Keywords