
Özbegistanyň Fergana şäherinde 11–17-nji aprel aralygynda geçirilen Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) halkara ýaryşy türkmen sportunyň nobatdaky ýeňşi bilen jemlendi. 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda guralan bu bäsleşikde Türkmenistana «Jahan» döredijilik merkeziniň türgeni Sülgün Işangulyýewa mynasyp wekilçilik etdi.
Sülgün Işangulyýewa ýaryşyň iň ýokary baýragyny jübütleýin görnüşde gazanmagy başardy. Ol Gazagystanyň wekili Alima Hamitowa bilen bilelikde ýokary ussatlyk görkezip, dartgynly geçen final duşuşygynda ýeňiş gazandy we Türkmenistanyň sport goruna altyn medal goşdy.
Sportçy diňe bir jübütleýin oýunlarda däl, eýsem ýekeleýin bäsleşiklerde hem durnukly oýun görkezdi. Ol ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, ýarym final tapgyryna çenli ýetdi. Bu üstünlikler Sülgüne we Türkmenistanyň ýygyndysyna Aziýa tennis federasiýasynyň reýtinginde möhüm utuklary getirdi.
Sülgün gazanan bu uly ýeňşinde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Ýuriý Rogusskiniň we tälimçisi Amir Bäşimowyň uly zähmetiniň bardygyny aýratyn nygtady.
2026-njy ýylyň başyndan bäri birnäçe halkara üstünliklere eýe bolan Sülgün Işangulyýewa, häzirki wagtda ýurdumyzyň iň zehinli we geljegi uly ýaş tennisçileriniň biri hökmünde tanalýar. Bu ýeňiş türkmen tennisiniň sebit derejesindäki ornunyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň görkezijisidir.
Keywords