Şu gün Täjigistanda Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy komandalarynyň arasyndaky nobatdaky çempionaty badalga alýar. Bu abraýly ýaryşda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy hem öz güýjüni synar.

CAFA-nyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, turnire sebitiň bäş döwletinden — Türkmenistandan, Owganystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan gelen ýaşlar ýygyndylary gatnaşýar. Ýaryş bir aýlawly ulgam boýunça geçirilip, iň köp utuk toplan topar çempionlyk adyna eýe bolar.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň oýun tertibi aşakdakydan ybarat:

  • 12-nji maý: Birinji tapgyrda Owganystanyň ýygyndysy bilen duşuşyk;
  • 13-nji maý: Ýaryşyň meýdança eýesi Täjigistan bilen bäsleşik;
  • 15-nji maý: Gyrgyzystanyň ýygyndysyna garşy oýun;
  • 19-nji maý: Ýaryşyň jemleýji tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndysy bilen duşuşyk.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň U20 ýaşlar ýygyndysyna belli futbolçy, 45 ýaşly tälimçi Didar Hajyýew ýolbaşçylyk edýär. Hajyýew bu wezipäni ýurdumyzyň ýaşlar birinji wezipesinde çykyş edýän «Arkadag-2» komandasynyň tälimçiligi bilen utgaşdyryp alyp barýar. Oňa tälimçiler düzüminde Daýanç Garajaýew we derwezeçiler boýunça tälimçi Saparmyrat Öwezow kömek edýär.

Ýeri gelende ýatlasak, geçen ýyl geçirilen CAFA-2025 çempionatynda Döwletmyrat Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen futbolçylary alty komandanyň arasynda bäşinji orny eýeläpdiler. Şonda Owganystanyň ýygyndysy bilen geçirilen jemleýji oýunda ildeşlerimiz 4:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, oýnuň iň gowy futbolçysy diýen ada Orazguly Orazgulyýew mynasyp bolupdy. Täze tälimçiler düzümi bilen wekilerimiziň bu gezek has ýokary netijeleri görkezmegine garaşylýar.