
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin birnäçe ussat halyçylarymyza döwlet sylaglary gowşuryldy. Olaryň hatarynda Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň «Güneşlik» önümhanasynyň halyçysy Tawus Haýydowa hem bar. Ol «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Tawus Haýydowa 38 ýyldan gowrak wagt bäri özüni halyçylyk sungatyna bagyşlan ussat hünärmenleriň biridir. Ol dokan her bir halysyna öz ýürek mährini, Watanymyza we sungatymyza bolan çäksiz söýgüsini siňdirýändigini buýsanç bilen belleýär. Hünärmen ozal hem 2017-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanandy.
Tawus Haýydowa üçin halyçylyk diňe bir kär däl, eýsem, maşgala ýörelgesidir. Ol bu senediň inçe syrlaryny öz ejesinden öwrenendigini, häzirki wagtda bolsa bu ýörelgäniň gaýynenesi, baldyzlary, gelni we gyzy tarapyndan dowam etdirilýändigini aýdýar.
Maşgalanyň halyçylyk sungatyna bolan söýgüsi ýaş nesle hem geçýär. Ussat halyçynyň 13 ýaşly agtygy hem bu sungata ir säherden göwün berip, hatda 6 ýaşyndaka «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda dokan halysy bilen ýeňiji bolmagy başarypdyr.
«Türkmen halysy — halkymyzyň asyrlarboýy sünnälenip gelen, gaýtalanmajak naýbaşy sungat eseridir» diýip, T.Haýydowa belleýär. Ol çeken zähmetine döwlet tarapyndan berlen belent bahanyň, hünärine bolan höwesini has-da artdyrandygyny nygtaýar.
Tawus Haýydowa geljekde hem ene-mamalarymyzdan miras galan bu nusgalyk senedi ýaş nesle öwretmekde we Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmakda öz yhlasyny gaýgyrmajakdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.
Keywords