
2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Oýunlary 2026”-nyň açylyş dabarasy wirtual görnüşde geçirildi. Oňa agza döwletleriň, BMG-niň Sekretariatynyň hem-de ýöriteleşdirilen edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Oýunlarynyň üçünji möwsüminiň resmi taýdan başlanandygyny alamatlandyrdy. Bu başlangyç, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 78/325 belgili Kararnama esasynda döredildi. Kararnama Oýunlary sport diplomatiýasy, ösüş we parahatçylyk üçin möhüm meýdança hökmünde ykrar edýär.
Dabaranyň açylyşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky Hemişelik wekili we Birleşen Milletler Guramasynyň Oýunlaryny Guramaçylyk Komitetiniň başlygy jenap Wepa Hajyýew çykyş edip, sportuň halklaryň arasynda dostlugy, ynamy we özara düşünişmegi berkitmekdäki barha artýan ähmiýetini belledi.
Şeýle hem, gatnaşyjylaryň öňünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň kömekçisi we Pensiýa Dolandyryşynyň Baş ýerine ýetiriji ýolbaşçysy hanym Rozmari Makklin çykyş edip, sportuň BMG jemgyýetçiliginde goşulyşmagy, abadançylygy we agzybirligi ösdürmekdäki ähmiýetine ünsi çekdi.
Dabaranyň dowamynda 2025-nji ýylda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Oýunlarynyň üstünliklerine bagyşlanan ýörite wideo görkezildi. Oýunlara 100-den gowrak ýurtdan we guramadan 800-den gowrak türgen gatnaşyp, sportuň on görnüşi boýunça bäsleşdiler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Oýunlary ilkinji gezek 2024-nji ýylda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýork şäherinde geçirildi. Şonda 85 ýurda we 18 gurama wekilçilik edýän 300-den gowrak türgen ilkinji oýunlara gatnaşdy. Şondan bäri bu Oýunlar BMG jemgyýetçiliginiň çägindäki iň iri sport diplomatiýasy başlangyçlarynyň birine öwrüldi.
2026-njy ýylyň Oýunlarynda futbol, basketbol, woleýbol, tennis, stol tennisi, badminton, piklbol, küşt, ylgaw we ýoga boýunça ýaryşlar geçiriler. Bu ýaryşlar diplomatlara, halkara döwlet gullukçylaryna we olaryň maşgala agzalaryna sport arkaly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de adamdan-adama aragatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik döreder.
Birleşen Milletler Guramasynyň Oýunlary 2026-nyň ýapylyş we baýrak gowşuryş dabarasy 2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherindäki BMG-niň baş edarasynda geçiriler.
Keywords