Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy (TBF) ýurdumyzyň basketbolçylaryny we tälimçilerini Serbiýanyň Kraguýewas şäherinde geçiriljek XVI «Cross Over» halkara basketbol lagerine gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre Ýewropanyň iň öňdebaryjy hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak isleýän sportçular üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Lageriň ýolbaşçysy — basketbolyň binýatlyk esaslary boýunça dünýäniň iň kämil hünärmenleriniň biri, Halkara basketbol federasiýasynyň (FIBA) hereket edýän instruktory, professor, doktor Nenad Truniçdir.
Lageriň geçiriljek tapgyrlary (2026-njy ýyl):
- 1-nji tapgyr: 28-nji iýul – 4-nji awgust
- 2-nji tapgyr: 5-nji awgust – 12-nji awgust
- 3-nji tapgyr: 13-nji awgust – 20-nji awgust
Intensiw maksatnama:
- Serbiýanyň ýokary «gyzyl ygtyýarnamaly» tälimçilerinden günde iki wagtyna intensiw türgenleşikler;
- Agşamky ýaryşlar: «Skill Challenge», urgular boýunça bäsleşikler we 1х1 görnüşli oýunlar;
- Lageriň soňky 3 gününde ýaş aýratynlyklaryna görä düzülen halkara toparlarda 5х5 görnüşdäki doly göwrümli duşuşyklar. (Halkara lagerdäki türgenleşiklere oglanlar bilen bir hatarda gyzlar hem çagyrylýar)
Bahasy we döredilýän şertler:
- Gatnaşyk tölegi: Bir adam üçin 420 ýewro.
- Tölege girýän hyzmatlar: Ähli şertleri bolan internatda ýaşamak (2-3 adamlyk otaglar), günde üç wagtyna nahar (islege görä halal menýu üpjünçiligi bar), Belgrad şäheriniň howa menzilinden eltip-getirmek hyzmaty (transfer), ýörite sport lybaslary (şortlar, jersi, köýnekçe) we akwaparka gyzykly gezelenç.
- Maliýeleşdirme: Ähli çykdajylar (şol sanda uçar biletleri we lageriň tölegi) gatnaşyjylaryň öz hasabyna amala aşyrylýar. Guramaçylar tarapyndan doly howpsuzlyk we lukmançylyk gözegçiligi kepillendirilýär.
Ýerleriň sanynyň çäklidigini ýatladyp, gyzyklanma bildirýän basketbolçylar we tälimçiler arza bermek üçin Türkmenistanyň Basketbol federasiýasyna ýüz tutup bilerler.
Habarlaşmak Üçin:
- Elektron poçta: b.ibragimov@tkm.basketball
- Telefon belgi: +993 65 601658







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.