Türkmenistanyň demir ýol pudagyna Hytaýyň öňdebaryjy “CRRC Ziyang Co., Ltd” kompaniýasynyň önümi bolan, ýurdumyz üçin täze görnüşli üç bölekli ýük teplowozlary getirildi. Aşgabadyň demir ýol menzilinde bu tehnikalaryň dabarly garşylanyş dabarasy geçirildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Teplowozlaryň tehniki aýratynlyklary
Täze getirilen üç bölekli teplowozlar ýurdumyzyň ýük daşamak kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Teplowozlaryň tehniki görkezijileri şulardan ybarat:
- Kuwwaty: Täze üç bölekli teplowozlaryň ýük çekijilik kuwwaty 6300 tonna deňdir.
- Tizlik: Her bir bölegi alty tigir jübütinden ybarat bolan bu tehnikalar sagatda 100 km tizlige çenli hereket edip bilýär.
- Enjamlaşdyrylyş: Teplowozlar döwrebap we ýörite dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
“Demirýollary” AGPJ bilen hytaý kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde diňe täze tehnikalary satyn almak däl, eýsem, bar bolan demir ýol tehnikalaryny kämilleşdirmek hem göz öňünde tutulýar. Hususan-da, şertnamalara laýyklykda, Türkmenistandaky iki bölekli ýük teplowozlaryna düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Ýük çekijilik kuwwaty 4200 tonna deň bolan bu teplowozlar hem tehniki taýdan täzelenip, hyzmat etmegini dowam etdirýär.
Bu täze tehnikalaryň getirilmegi ýurdumyzyň tranzit-logistika mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýükleri öz wagtynda we ýokary hilli daşamaga hem-de demir ýol pudagynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga uly goşant bolar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.