
Türkmenistanyň sport durmuşynda ýene-de bir buýsançly waka garaşylýar. Ýurdumyzyň erkin göreş boýunça ýaşlar ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçiriljek 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşmaga taýýarlyk gördi.
Abraýly halkara ýaryş aý-güni bellenişi ýaly, çäre ýylyň 27-nji iýuly bilen 2-nji awgusty aralygynda Baku şäherinde bolar. Dünýä derejesindäki bu ýaryş ýaş türgenlerimize öz ussatlyklaryny açyp görkezmäge, halkara tejribe toplamaga we Türkmenistanyň sport abraýyny dünýä arenasynda mynasyp goramaga giň mümkinçilik döreder. Ýygyndy topar bu jogapkärli ýaryşa taýýarlygyň jemleýji tapgyryny ýokary derejede tamamlap, ýola düşmäge taýyn boldy.
Bakuwda geçirilmeli dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik etjek türgenlerimiz öz agram derejelerinde güýç synanyşarlar. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine şu zehinli türgenler girdi:
Ýaş erkin göreşçilerden ybarat bolan bu wekillerimize dünýä çempionatynyň oýunlarynda uly üstünlikler we ýeňişler arzuw edýäris!
Keywords