
Türkmenistanyň telekeçilik ulgamynyň we ýokary tehnologiýaly önümçilik pudagynyň ösüş taryhynda düýpli öňegidişlik bellenildi. «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemiýetiniň baş direktory Hydyrberdi Abdurahmanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde Eswatini Patyşalygynyň Patyşasy Mswati III we Patyşalygyň hökümet agzalary bilen ýokary derejeli şowly gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklaryň netijesinde, Afrika kontinentindäki bu döwlet üçin täze nesliň şahsyýeti tassyklaýan resminamalaryny, şeýle-de tehnologik we düzümleýin maksatly önümleri üpjün etmek barada örän giň gerimli ylalaşyklar gazanyldy.
Bu şertnama, Türkmenistanyň hususy pudagynyň halkara derejesinde innowasion we ýokary tehnologik taslamalary durmuşa geçirmäge doly ukyplydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen Eswatini Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösüş ýoluny geçdi:
Ähli synaglaryň we barlaglaryň Eswatini Patyşalygynyň ygtyýarly gurluşlary tarapyndan oňyn netijenamalara mynasyp bolmagy, Abu-Dabi şäherindäki Patyşa derejesindäki taryhy duşuşyga berk zemin döretdi.
Abu-Dabi şäherinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda Onuň Alyhezyreti Patyşa Mswati III «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň hödürlän ýokary tehnologik çözgütlerine uly ynam bildirdi. Patyşalygyň raýatlary üçin 1 500 000 sany milli identifikasiýa (ID) kartlaryny we 500 000-den gowrak biometrik pasportlary öndürmek we üpjün etmek boýunça bilelikdäki taslama döwlet tarapyndan doly goldaw berildi. Bu möhüm resminamalar «Austrian Cards» (Awstriýa) kompaniýasynyň öndürýän we IKAO-nyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň iň ýokary talaplaryna jogap berýän kriptografik çip platformasynyň esasynda taýarlanar.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Eswatininiň daşary işler, içeri işler hem-de söwda we senagat ministrleri bilen aýratyn duşuşyklar geçirip, taslamanyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny we eltip bermek meýilnamalaryny takyklaşdyrdylar.
Bu saparyň iň uly we taryhy netijeleriniň biri hem, Patyşa Mswati III tabşyrygy boýunça «Aýdyň Gijeler» kompaniýasyna Eswatini Patyşalygynyň çäginde öz önümçilik kuwwatlyklaryny (zawodyny) gurmak üçin 4 gektar ýer böleginiň bölünip berilmegidir. Bu waka iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan bütinleý täze tapgyra — halkara institusional önümçilik derejesine göterýär.
«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti Afrika yklymynda strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykan Türkmenistanyň hususy pudagynyň ilkinji kärhanasydyr. Kompaniýanyň ýolbaşçylary berlen uly ynam üçin Eswatini tarapyna, şeýle hem ýurtda ýokary hilli milli brendleriň dünýä bazaryna çykmagy ugrunda çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza öz çuňňur minnetdarlyklaryny bildirýärler.
Keywords