
Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky we Portugaliýa Respublikasyndaky Ilçisi M. Çaryýew Portugaliýanyň güni, Kamoens güni we portugal jemgyýetleriniň güni mynasybetli Terseýra adasynda (Azor adalary) guralan dabaraly çärelere gatnaşdy.
Resmi maksatnamanyň çäklerinde Ilçimiz Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan diplomatik korpusyň wekilleri üçin guralan kabul edişlikde boldy. Şeýle-de ol Portugaliýanyň Ýaragly Güýçleriniň gatnaşmagynda geçirilen harby dabaralara we baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşdy.
Dabaranyň dowamynda Ilçi M. Çaryýew Portugaliýanyň Prezidenti Antoniu Žoze Seguruny milli baýramy bilen gutlady. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Portugaliýanyň ýolbaşçysyna we dostlukly portugal halkyna iň gowy arzuwlaryny, parahatçylyk we rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden gelýän gutlaglaryny ýetirdi.
Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi dürli ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we Portugaliýanyň resmi şahslary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony geljekde ösdürmegiň täze mümkinçilikleri boýunça giňişleýin pikir alyşyldy.
Bu sapar türkmen-portugal gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň hem-de iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň has-da pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Keywords