Ýewropanyň 29 döwletini özünde jemleýän Şengen zolagyna syýahat etmek isleýänler üçin Aşgabatda wizalary resmileşdirmegiň tertibi aşakdakydan ybarat:
1. Germaniýanyň ilçihanasy (Elektron nobat ulgamy arkaly):
- Wiza berilýän ýurtlar: Germaniýa, Awstriýa, Belgiýa, Gresiýa, Estoniýa, Ispaniýa, Latwiýa, Lýuksemburg, Malta, Niderlandlar, Norwegiýa, Portugaliýa, Finlýandiýa, Şwesiýa.
- Bellik: Diplomatik we gulluk pasportlary üçin Şweýsariýa wizasy hem berilýär.
2. Italiýanyň ilçihanasy (Prenot@mi ulgamy arkaly):
- Wiza berilýän ýurtlar: Italiýa we Fransiýa (90 güne çenli gysga möhletli).
- Bellik: Fransiýanyň uzak möhletli wizalary we deňiz aňyrsyndaky sebitler üçin Stambuldaky «VFS Global»-a ýüz tutulmalydyr.
3. Rumyniýanyň ilçihanasy:
- Rumyniýa Şengen zolagyna goşulanlygy sebäpli, bu ýurda wizany gönüden-göni Aşgabatdaky ilçihanadan alyp bolýar.
Aşgabatda wiza berilmeýän ýurtlar: Bolgariýa, Wengriýa, Daniýa, Islandiýa, Litwa, Lihtenşteýn, Polşa, Slowakiýa, Sloweniýa, Horwatiýa, Çehiýa we Şweýsariýa (adaty pasportlar üçin). Bu ýurtlara gitmek isleýänler goňşy ýurtlardaky (Bakudaky, Daşkentdäki ýa-da beýleki) degişli ilçihanalar bilen habarlaşmalydyrlar.
Möhüm maslahat: Resminamalary tabşyrmazdan ozal, syýahatyňyzyň maksadyna laýyklykda, degişli ilçihananyň resmi saýtyna girip, täzelenen düzgünler bilen tanyşmagyňyzy we elektron ýazgy (nobat) almak prosesini öňünden meýilleşdirmegiňizi ýatladýarys.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.