
Türkmenistanda sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmek we janköýerleri çalt habardar etmek maksady bilen milli federasiýalar tarapyndan täze internet saýtlary işe girizildi.
Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy janköýerler, oýunçylar we tälimçiler üçin ýörite döredilen tkm.basketball resmi saýtyny tanyşdyrdy. Bu täze portal ýurtda basketbol sportuny söýüjiler üçin geçirilýän ýaryşlar, milli ýygyndy toparlaryň düzümleri hem-de soňky sport netijeleri barada habar berýän ýeke-täk maglumat meýdançasy bolmaga gönükdirilendir.
Şeýle hem Türkmenistanyň Şaýbaly hokkeý federasiýasy özüniň tkmihf.com atly resmi saýtyny internet ulanyjylaryna ýetirdi. Bu maglumat serişdesi iňlis, rus we türkmen dillerinde işleýär. Saýtda milli hokkeýiň gurluşy, şol sanda erkekler, ýaşlar (U20 we U18) ýygyndy toparlary, içerki çempionatyň barşy, paýtagtymyzyň buz meýdançalary, şeýle hem halkara ýaryşlaryň senenamasy barada giňişleýin maglumatlar hödürlenilýär.
Keywords