
Ösümligiň bu görnüşi kösükli ösümlikler maşgalasyna degişlidir. Olaryň boýy 4 — 10 metre çenli ýetýär. Sütünlerinde 2-den 5-e çenli esasy şahalary ösüp ýetişýär. Olardan bolsa yzygiderli beýleki şahalar aýrylýar. Sözeniň ýapragynyň ujunda tikeni bardyr. Onuň gül toplumy salkym görnüşinde bolup, özüniň owadan mawy reňki bilen tapawutlanýar. Sähra akasiýasy hasaplanýan sözen örän çalt ösýär. Sözeniň ömri 50 — 60 ýyla çenlidir. Onuň esasy köki 2 — 3 metre çenli çuňluga ýetýär, gapdal kökleri bolsa 5 — 8 metre çenli töwerege ýaýraýar. Sözeniň wegetasiýasy mart aýynyň ahyrynda we aprel aýynyň başlarynda başlanýar. Ol şol döwür gülleýär, miweleri bolsa, maý aýynyň ikinji ýarymynda, iýun aýynyň başlarynda ýetişýär. Sözen wegetatiw usul arkaly, şeýle-de tohumlar bilen köpelýär. Onuň her düýbünde 900-e çenli tohum emele gelýär. Sözen süýşýän çägelerde we berkidilen çägelerde ösüp bilýär. Merkezi Garagumda bir gektara sözeniň 75 düýbi düşýär. Bu ösümlik çäge berkidiji gyrymsy agaç hasaplanýar. Sözeniň dermanlyk häsiýetleri Gahryman Ar kadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmyensiklopedik kitabynyň ikinji jildinde beýan edilýär.
Keywords