
Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýada geçirilen 79-njy Kann halkara kinofestiwalyna gatnaşdy. Şu ýylky meşhur kino bäsleşiginiň baş temalary emeli intellekt, döredijilikli ykdysadyýet we kinofilm öndürilişinde täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyndan ybarat boldy.
Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň berýän maglumatyna görä, saparyň dowamynda ýurdumyzyň wekilleri Festivallar köşgünde geçirilen «AI Film Forum» sammitine gatnaşdylar. Bu ýerde olar halkara bilermenleri bilen emeli intellektiň kinematografiýa ulgamyna integrasiýa edilmegi (utgaşdyrylmagy) baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, IT ugry boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Bu gepleşiklerde wirtual önümçiligi we neýroulgamlary türkmen kino sanygatynda ulanmagyň geljekki mümkinçiliklerine seredildi.
Mundan başga-da, Fransiýanyň Milli kinematografiýa merkezi türkmen hünärmenlerini tehnologik innowasiýalaryň immersiw sergisi bilen tanyşdyrdy.
Duşuşyklaryň netijesinde, ABŞ-nyň we Ýewropanyň iň iri kinoindustriýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň kinematografiýa ulgamyny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar we kino sungatyny sanlylaşdyrmak ugrunda bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Keywords