Türkmenistanyň ýaş agyr atletikaçylary Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, jemi 10 medala mynasyp boldular.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda bir altyn we dört kümüş medal, ýaşlaryň arasynda bolsa iki kümüş we üç bürünç medal gazandy. Şeýlelikde, türkmen türgenleriniň umumy medal gazanan sany 10-a ýetdi.
Milli ýygyndynyň düzüminde iň netijeli çykyş eden türgenleriň biri Şabnam Kerimbaýewa boldy. Ol 53 kilograma çenli agram derejesinde hem ýetginjekleriň, hem ýaşlaryň arasynda bäsleşdi.
Şabnam Kerimbaýewa ýetginjekleriň arasynda silterläp götermekde 83 kilogram netijäni görkezerek kümüş medala, itekläp götermekde 103 kilogram bilen altyn medala eýe boldy. Iki görnüşiň jemi boýunça 186 kilogram netije bilen ýene-de kümüş medal gazandy. Ýaşlaryň arasynda hem türkmen türgeni silterläp we itekläp götermekde kümüş medallara, umumy netije boýunça bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
60 kilogram agram derejesinde çykyş eden Atabek Azamatow silterläp götermekde 113 kilogram netijäni görkezdi. Şeýle-de onuň iki görnüşiň jemindäki 245 kilogramlyk netijesi ýetginjekleriň arasynda kümüş medal gazanmagyna mümkinçilik berdi.
69 kilogram agram derejesinde çykyş eden Medine Amanowa itekläp götermekde 121 kilogram agyrlygy göterip, ýaşlaryň arasynda bu görnüş boýunça bürünç medal gazandy.
85 kilogram agram derejesinde bäsleşen Rahman Galkanow hem Türkmenistanyň ýygyndysyna medal getiren türgenleriň hatarynda boldy. Ol silterläp götermekde 155 kilogram netijäni görkezerek bürünç medala mynasyp boldy.
Aziýa çempionaty bilen bir hatarda geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynda hem Türkmenistanyň wekilleri üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen türgenleri bu ýaryşda üç altyn we üç kümüş medal gazanyp, jemi alty medaly öz hasaplaryna ýazdyrdylar.
Daşkentde geçirilen yklym derejesindäki ýaryşa 29 ýurtdan 300-den gowrak ýaş türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndysy medallaryň umumy sany boýunça ýetginjekleriň arasynda 9-njy, ýaşlaryň arasynda bolsa 10-njy orny eýeledi.
Ýaryşyň netijeleri türkmen agyr atletika mekdebiniň ýaş nesliniň halkara derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.