Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň oýunlary 6-njy awgustda, penşenbe güni badalga alar. Tapgyryň ilkinji duşuşygy bolan «Arkadag» bilen «Merwiň» arasyndaky oýun milli çempionatyň ikinji aýlawynyň resmi açylyşy bolar. Duşuşyk Aşgabat şäherindäki «Nusaý» stadionynda geçiriler we sagat 18:15-de başlanar.
«Arkadag» topary çempionatyň birinji aýlawynda ajaýyp çykyş edip, 14 oýnuň ählisinde ýeňiş gazandy. Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary 42 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny ynamly çekýär we iň ýakyn bäsdeşinden 12 utuk öňde barýar. Marynyň «Merw» topary üçin bu myhmançylykdaky duşuşyk çynlakaý synag bolar. Häzirki wagtda topar 14 utuk bilen dördünji orny eýeleýär.
15-nji tapgyryň esasy oýunlary 7-nji awgustda, anna güni üç duşuşyk bilen dowam eder. 30 utuk bilen ikinji orunda ýerleşýän «Ahal» Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda (18:15) «Köpetdagy» kabul eder. 29 utuk toplan «Altyn Asyr» sagat 18:00-da Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda «Aşgabat» topary bilen duşuşar. Türkmenbaşy şäherinde bolsa sagat 18:30-da ýaryş tertibinde goňşy orunlary eýeleýän «Şagadam» bilen Balkanabadyň «Nebitçisi» özara güýç synanyşar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.