Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri 7–9-njy sentýabrda Polşanyň Warşawa şäherinde geçirilen «Sebitara baglanyşyk gün tertibiniň çäginde gümrük işi: Ýewropa Bileleşigini Merkezi Aziýa, Garadeňiz sebiti we Günorta Kawkaz bilen baglanyşdyrmak» atly halkara seminara gatnaşdylar.

Ýewropa Komissiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) we Polşanyň Milli girdejiler edarasy tarapyndan guralan çäre Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi.

Maslahata 15 ýurduň wekilleri bilen birlikde Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşyklaryň dowamynda gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak we üstaşyr ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, «Bir penjire» mehanizmini ösdürmek, eTIR ulgamyndan peýdalanmak arkaly üstaşyr amallaryny sazlaşdyrmak we töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça tejribe alşyldy.

Seminaryň amaly bölüminde gatnaşyjylar häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryna esaslanýan çözgütler, barlag-gözegçilik enjamlarynyň ulanylyş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar Warşawanyň Gümrük edarasyna baryp, onuň iş tejribesini öwrendiler.

Çäräniň netijeleri boýunça Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrundaky ýük daşamalarynda ýüze çykýan esasy bökdençlikler kesgitlenildi. Şeýle-de gümrük amallaryny çaltlandyrmak we üpjünçilik zynjyrynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen bilelikdäki çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işe başlandy.

Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürilmegi Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde we halkara üstaşyr gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.