2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we sebitlerde ýeňil senagaty ösdürmek boýunça tekliplere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow tebigy gaz we nebit känlerinde guýularyň önüm berijiligini artdyrmak, şeýle hem bu ugurda daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň netijeleri boýunça Prezident Serdar Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen degişli kararlara gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nöker­guly Atagulyýewiň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze tikin fabrigini gurmak baradaky teklibini makullady. Prezident taslamany durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.