Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Ellison M. Hukeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Ştatlardaky ilçileri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, taraplar işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek, strategiki ähmiýetli minerallar pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak we sanlylaşdyrmak boýunça täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşykda öňde boljak ikitaraplaýyn we sebitleýin çäreler barada pikir alyşyldy. Gatnaşyjylar umumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda açyk dialogy dowam etdirmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we täze ugurlar boýunça gatnaşyklary giňeltmek möhüm wezipe hökmünde bellenildi.

Bu duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ABŞ bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak nukdaýnazaryndan ähmiýetli boldy.