Gazagystanyň Aktau şäherinde WKF görnüşindäki karate boýunça geçirilýän Merkezi Aziýanyň XI çempionatynyň ilkinji güni Türkmenistanyň ýygyndysy üçin üstünlikli tamamlandy. Ýurdumyzyň türgenleri ýaryşyň ilkinji gününde 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gazanyp, jemi 4 medala eýe boldular.
Üç gün dowam etjek halkara çempionata Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 500-e golaý türgen gatnaşýar. Türgenler ýaşlaryň, ýetginjekleriň we ulularyň arasynda kata (tehniki hereketleriň toplumy) hem-de kumite (tutluşyk) ugurlary boýunça medallar ugrunda güýç synanyşýarlar.
Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň habar bermegine görä, ýurdumyzyň ýygyndysy çempionata 36 türgen, 4 tälimçi, 6 emin we 1 resmi wekil bilen gatnaşýar.
Ilkinji ýaryş gününde türkmen karateçileri ähli medallaryny kata ugry boýunça gazandylar.
14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Muhammetresul Haýrullaýew ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, altyn medalyň eýesi boldy.
16–17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäherindäki 52-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Allanur Ýalkabow üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy.
10–11 ýaşly türgenleriň arasynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 6-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Musa Gurbanow hem-de şol şäheriň 11-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Şirmuhammet Garymyradow bürünç medallary gazandylar.
Merkezi Aziýanyň XI çempionaty dowam edýär we Türkmenistanyň ýygyndysy öňdäki ýaryş günlerinde hem medal gaznasyny artdyrmagy maksat edinýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.