Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýylyň ýanwar–iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Duşuşykda milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, döwlet Baştutany tarapyndan öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de parlamentiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler seljerildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, hasabat döwründe raýatlaryň hukuklaryny goramak, senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, maliýe we buhgalterçilik hasabatlylygyny kämilleşdirmek, ygtyýarlandyryş ulgamyny ösdürmek, awtomobil ýollaryny, daşky gurşawy we suwuň biologik serişdelerini goramak, şeýle-de migrasiýa syýasaty bilen bagly ugurlarda hereket edýän kanunlara birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Ýanwar–iýul aýlarynda Türkmenistanyň 7 sany kanuny kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda Kanun hem bar. Şeýle hem Mejlisiň 12 sany karary kabul edildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem pikir alşyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek meselelerine üns çekildi.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň dowamynda, şol sanda oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän döwlet we halkara ähmiýetli çärelere taýýarlyk görmekde deputatlaryň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigi bellenildi.
Maslahatda daşary ýurt parlamentleri, halkara guramalar we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalar bilen hyzmatdaşlygyň, şeýle-de okuw maslahatlarynyň we iş saparlarynyň kanunçykaryjylyk işiniň kämilleşdirilmegine goşant goşýandygy nygtaldy.
Çärä gatnaşyjylar kabul edilýän kanunlaryň mazmunyny halka giňden düşündirmek, ýurdumyzyň ösüşlerini we halkara başlangyçlaryny wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem Türkmenistanyň parlamentiniň işini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tagallalaryň dowam etdiriljekdigi nygtaldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.