Türkmenistanyň «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň dowamynda «Huawei» kompaniýasynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen duşuşyp, energiýa pudagynda ulanylýan häzirki zaman sanly tehnologiýalar bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň wekilleriniň Hytaýa saparynyň esasy maksady nebitgaz pudagynda sanlylaşdyrmagy çaltlandyrmak üçin ulanylýan innowasion çözgütleri ýerinde öwrenmekden ybarat boldy. Bu barada «Türkmennebit» döwlet konserniniň metbugat gullugy habar berdi.

Saparyň ilkinji tapgyrynda türkmen hünärmenlerine telekommunikasiýa ulgamlarynyň, maglumat tehnologiýalarynyň we «akylly» enjamlaryň dürli ugurlarda ulanylyşy görkezildi. Hususan-da, şäher infrastrukturasyny dolandyrmak, aragatnaşyk, jemgyýetçilik howpsuzlygy we maliýe ulgamlaryndaky sanly çözgütleriň iş ýüzündäki mümkinçilikleri bilen tanyşyldy.

Şanhaý şäherindäki innowasion toplumda geçirilen saparyň dowamynda ylmy-barlag we tejribe merkezleriniň işi hem öwrenildi. Türkmen wekilleri täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmazdan öň ýörite barlaghana şertlerinde synagdan geçirilýändigi we kämilleşdirilýändigi barada maglumat aldylar.

16-njy sentýabrda geçirilen ýörite duşuşykda Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny sanly taýdan döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. «Huawei» kompaniýasynyň wekilleri Hytaýyň CNPC we Birleşen Arap Emirlikleriniň ADNOC kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda toplanan tejribeleri barada maglumat berdiler.

Duşuşyklarda «Cloud + AI + Big Data» tehnologiýalaryny, ýokary tizlikli aragatnaşyk ulgamlaryny we önümçilik maglumatlaryny bitewi ulgamda ulanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle çözgütleriň geologiýa-gözleg işlerinde, buraw işlerinde, guýularyň ýagdaýyna gözegçilik etmekde we turbageçirijileriň monitoringinde ulanylmagy önümçilik proseslerini has takyk dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly käbir tehniki näsazlyklary öňünden kesgitlemek, önümçilik töwekgelçiliklerini azaltmak we howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça mümkinçilikler hem görkezildi.

Duşuşyklaryň dowamynda «Huawei» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Taylor Zhou we kompaniýanyň beýleki ýolbaşçylary sebitde durmuşa geçirilen sanly taslamalar barada çykyş etdiler.

Taraplar Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda sanly transformasiýany çuňlaşdyrmak, bulut tehnologiýalaryny we emeli aň çözgütlerini önümçilik proseslerine ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Geçirilen gepleşikleriň netijesinde halkara tejribäni Türkmenistanyň kanunçylygyna, maglumat howpsuzlygynyň talaplaryna we «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik aýratynlyklaryna laýyklykda öwrenmek üçin degişli synag taslamalaryny tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek maksadalaýyk diýlip bellenildi.

Bu duşuşyklar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşyny giňeltmek we halkara tehnologiýa kompaniýalary bilen tejribe alyşmak boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmäge mümkinçilik berdi.