Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Koreýa Respublikasynda geçirilen robot tehnologiýalary boýunça «FIRST Global Challenge 2026» halkara dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.
7–10-njy oktýabr aralygynda Inçhon şäherinde geçirilen bäsleşige dünýäniň 185 ýurdundan gelen toparlar gatnaşdy. Türkmenistanyň milli topary «Skills Challenge» ugry boýunça kümüş medal, «Winning Alliance» toparlaýyn bäsleşiginde bolsa bürünç medal gazandy.
Milli toparyň tälimçileri hökmünde Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Dawut Gurbanow çykyş etdiler.
Türkmenistanyň toparynyň düzümine Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Suhan Nowbatow, Oraznyýaz Rejepow, Aznawur Çolukow, Daýhan Gurbanow we Arslan Babajyýew girdiler.
Toparyň ýolbaşçysy Myrat Sähetgulyýewiň bellemegine görä, türkmen okuwçylary ýaryşa ýokary taýýarlyk bilen gatnaşyp, toparlaýyn bäsleşigiň ýarym final tapgyryna 295 utuk bilen geçmegi başardylar. Onuň aýtmagyna görä, gazanylan medallar ýaşlaryň innowasion tehnologiýalara bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrmaga ýardam eder.
Her ýyl Olimpiýa oýunlarynyň ýörelgelerine laýyklykda geçirilýän «FIRST Global Challenge» halkara robot tehnikasy bäsleşigi bu ýyl tebigy ýangynlara garşy göreşmek üçin innowasion çözgütleri işläp düzmek meselesine bagyşlandy.
Türkmenistanyň okuwçylarynyň bu halkara bäsleşikde gazanan netijeleri ýaşlaryň robot tehnikasy, inženerçilik we täze tehnologiýalar ulgamyndaky başarnyklaryny görkezýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.