Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026/2027-nji okuw ýyly üçin daşary ýurt raýatlarynyň Daşkent döwlet hukuk uniwersitetine kabul edilýändigini habar berdi. Türkmenistanyň raýatlary hem uniwersitetiň bakalawr we magistratura maksatnamalaryna resminama tabşyryp bilerler.
Bakalawr derejesinde daşary ýurtly talyplara gündizki okuw görnüşinde «Ýurisprudensiýa» hünäri boýunça bilim almak mümkinçiligi döredilýär.
Magistratura derejesinde bolsa halkara arbitražy we jedelleri çözmek, telekeçilik hukugy, halkara täjirçilik hukugy hem-de kiberhukuk ýaly ugurlar boýunça okuw maksatnamalary hödürlenýär. Bu maksatnamalarda gündizki we uzak aralykdan bilim almak görnüşleri göz öňünde tutulýar.
Daşary ýurtly dalaşgärleriň uniwersitete kabul edilmegi giriş synaglarynyň netijelerine däl-de, söhbetdeşligiň esasynda amala aşyrylýar. Okuwa girmek isleýänler zerur resminamalary Daşkent döwlet hukuk uniwersitetiniň ýörite elektron platformasynyň üsti bilen onlaýn görnüşde tabşyrmalydyrlar.
2026/2027-nji okuw ýyly üçin resminamalary kabul etmek 20-nji awgusta çenli dowam eder.
Daşkent döwlet hukuk uniwersiteti Özbegistanda hukuk ulgamynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga ýöriteleşen iri bilim we ylmy-barlag merkezleriniň biridir. Uniwersitetde daşary ýurtly talyplar üçin döredilýän mümkinçilikler Türkmenistanyň ýaşlaryna hem halkara derejede hukuk bilimi almaga şert döredýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.