Türkmenistanyň raýatlary Beýik Britaniýanyň Royal Holloway, University of London ýokary okuw mekdebinde ykdysadyýet ugry boýunça doktorantura maksatnamasynda bilim almak üçin arza berip bilerler. Halkara dalaşgärler üçin açyk bolan PhD maksatnamasy gündizki okuw görnüşinde geçirilýär we dört ýyla niýetlenendir.
Maksatnama, esasan, ykdysadyýet ýa-da oňa ýakyn ugurlar boýunça magistr derejesini alan, şeýle hem mukdar taýdan ylmy-barlag usullary boýunça ýeterlik taýýarlygy bolan dalaşgärler üçin niýetlenýär. Arza tabşyrýanlar özleriniň ylmy gyzyklanýan ugruna laýyk gelýän geljegi uly barlag temasyny teklip etmeli we mümkin bolan ylmy ýolbaşçy bilen öňünden aragatnaşyk saklamaly.
Ykdysadyýet boýunça magistr derejesi bolmadyk dalaşgärler üçin hem alternatiw okuw mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. Olar magistratura bilen doktorantura okuwyny öz içine alýan MSc we PhD görnüşindäki birleşdirilen maksatnama arkaly bilimlerini dowam etdirip bilerler.
Doktorantura okuwynyň ilkinji ýylynda talyplar häzirki zaman ykdysady nazaryýeti we ylmy-barlag usullary boýunça çuňlaşdyrylan taýýarlyk geçýärler. Soňky döwürde bolsa esasy üns özbaşdak ylmy-barlag işine gönükdirilýär. Maksatnamanyň çäklerinde zähmet ykdysadyýeti, ösüş ykdysadyýeti, mikroykdysady nazaryýet we eksperimental ykdysadyýet ýaly ugurlar boýunça ylmy-barlag alyp barmak mümkinçiligi bar.
Üstünlikli dalaşgärler üçin bäsleşik esasynda dürli maliýe goldawlary hem göz öňünde tutulýar. Bu mümkinçilikleriň käbir görnüşleri okuw çykdajylaryny, şeýle-de ylmy-barlag döwründe ýaşamak üçin zerur bolan serişdeleri öz içine alyp biler. Şeýle hem maliýeleşdiriş mümkinçilikleriniň belli bir bölegi halkara talyplar üçin hem elýeterlidir.
Saýlanyş tapgyryna gatnaşmak isleýän dalaşgärlere ilki bilen ylmy-barlaglarynyň esasy ugruny kesgitlemek, degişli teklip taýýarlamak we özlerine ýolbaşçylyk edip biljek alymy saýlamak maslahat berilýär. Royal Holloway-nyň ykdysadyýet kafedrasy hem geljekki ylmy ýolbaşçy bilen aragatnaşygy arza tabşyrmazdan ozal ýola goýmagyň möhümdigini belleýär.
Doktorantura maksatnamasyna gatnaşmak isleýän dalaşgärler arza resminamalaryny 2026-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Beýik Britaniýanyň wagty bilen sagat 12:00-a çenli tabşyrmaly.
Bu maksatnama ykdysadyýet boýunça ylmy iş alyp barmak we halkara akademiki gurşawda hünär derejesini ýokarlandyrmak isleýän türkmen hünärmenleri üçin täze mümkinçilikleriň birini döredýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.